
TULM ilkinji gezek Türkiýe–Türkmenistan–Gyrgyzystan ugry boýunça otlusyny iberdi
“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi“ (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda demir ýol daşamalarynyň operatory hökmünde Türkiýe – Türkmenistan – Gyrgyzystan ugry boýunça ilkinji konteýner otly gatnawyny gurady. Bu barada TULM habar berýär.
TULM “Ýewropa – Merkezi Aziýa” halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde iri göwrümli multimodal daşamalaryň ösdürmegini dowam edýär.
TULM 2024-nji ýylyň Awgust aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer kömegi ýüklenen türk wagonlaryny Etrek menzilinden GDA ýurtlarynyň wagonlaryna ýüklemekde we Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň demir ýol menziline ugratmaga işjeň gatnaşdy.
“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda döredildi. Kärhananyň esasy wezipesi ýurduň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, tranzit daşamalarynyň möçberini artdyrmak hem-de tranzit we eksport-import ýükleriniň iberijiden alyja çenli eltilmeginde netijeli logistiki çözgütleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan