Beýik Britaniýa Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny artdyrdy
Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda 2024-nji ýylyň iýul aýyndan 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli bolan döwürde harytlar we hyzmatlar boýunça (eksport we import) umumy söwda dolanyşygy 102 million funt sterlingine ýetdi. Bu görkeziji degişli döwür bilen deňeşdirilende 32,5% ýokary bolup, 25 million funt möçberinde ösüş gazanyldy.
Beýik Britaniýanyň hökümetiniň maglumatlaryna görä:
Beýik Britaniýadan Türkmenistana eksportyň möçberi 86 million funta çenli ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 59,3% (ýa-da 32 million funt) köp;
Türkmenistandan Beýik Britaniýa importyň möçberi 16 million funt boldy.
Maýa goýumlara gelende, 2023-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa laýyklykda:
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 26 million funt bolup, bu 2022-nji ýylyň ahyry bilen deňeşdirilende 4% (ýa-da 1 million funt) köpdir.
Söwda dolanyşygynyň ösüşi iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we işjeň telekeçiligi höweslendirmek ugrunda edýän tagallalarynyň netijesini görkezýär.
Maglumat çeşmesi: Orient
