
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Ilki bilen, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, sebit integrasiýasy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mowzuklaýyn “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri diňlenildi.
Maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlar baradaky hasabatlara aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar bu forumlaryň döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň, ýaşlaryň, parlamentarileriň we raýat jemgyýetiniň arasyndaky dialog üçin netijeli meýdança bolandygyny, maýa goýumlardyr innowasiýalar üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmaga şert döredendigini nygtadylar.
Soňra Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy. Bu resminama DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni beýan edip, ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak, söwdany ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri özünde jemleýär.
Mejlisiň jemleýji bölegi maslahatyň ýapylyşyna bagyşlandy. Döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri jemleýji beýannamalarynda çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny bildirdiler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň syýasy erk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, umumy jogapkärçilik arkaly özleriniň geografik päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge we sebit hem-de ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmaga ukyplydyklaryny görkezendiklerini belledi.
Kabul edilen hem-de yglan edilen iki möhüm resminamanyň geljek on ýylda umumy tagallalar üçin Ýol kartasy bolup hyzmat etjekdigi bellenildi. 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär.
Maglumat çeşmesi: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi