
Türkmenistanyň biržasy BAE-niň telekeçileri bilen gaz boýunça geleşikleri baglaşdy
29.05.25
Sişenbe güni, 27-nji maýda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan we BAE döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden BND 60/90” kysymly ýol bitumyny we nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 18 919 790,00 manada we 1 059 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Maglumat çeşmesi: TDHÇMB