
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň başlyklarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlara döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýet berilýändigini nygtaldy.
Duşuşykda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň gidişi, şeýle hem gaz himiýasy we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maglumat çeşmesi: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi