Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri Frankfurtda geçiriler

Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri Frankfurtda geçiriler

28.10.25

Ýene-de dört günden, Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçiriler. Bu halkara derejeli çäre Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky, şeýle hem gyzyklanma bildirýän Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlary bilen söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen guralýar.

Döwlet ähmiýetli halkara çäreiniň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, hyzmatdaş guramaçy hökmünde bolsa TMT Consulting Group kompaniýasy çykyş edýärler. Kompaniýa forumyň guramaçylyk hem-de aragatnaşyk ugrunyň ýokary derejede üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.

Forum «Radisson Blu» myhmanhanasynda geçirilip, 50-den gowrak iri german kompaniýalarynyň we maliýe-senagat birleşikleriniň wekillerini, şeýle-de 51-den gowrak türkmen kompaniýalaryny hem-de strategik ähmiýetli döwlet edaralaryny birleşdirer.

Germaniýanyň wekilleriniň hatarynda iri senagat kärhanalary we banklar bar, şol sanda Deutsche Bank AG, Commerzbank AG, BOMAG GmbH, CLAAS GmbH, John Deere International GmbH, BASF-Intertrade ýaly kompaniýalar çykyş ederler. Mundan başga-da, esasy pudaklaýyn birleşikler – German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti, German obasenagat bileleşigi, German Söwda we Maýa goýum agentligi (GTAI) hem-de Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentligi bu foruma gatnaşarlar.

Türkmen tarapdan bolsa, ýurdumyzy milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge jogapkär ministrlikler we pudaklaýyn edaralar wekilçilik ederler. Olaryň hatarynda:

– maliýe we bank ulgamy,
– oba hojalygy we azyk senagaty,
– dokma we ýeňil senagat,
– saglygy goraýyş we derman senagaty,
– uglewodorodlar we nebit-himiýa pudagy,
– gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlary bar.

Forumyň maksatnamasynda plenar mejlisi, B2B we B2G görnüşli duşuşyklary, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyny, şeýle-de Germaniýanyň iri senagat desgalaryna baryp görmek çärelerini öz içine alýar.

Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň Germaniýada geçirilmegi, taraplaryň arasynda öňden gelýän dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle-de maýa goýumlary çekmekde we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe halkara meýdança bolar.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan