
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi
Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi
Ozal habar berlişi ýaly, 5-8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekiller gatnaşdylar. BMG tarapyndan her on ýyldan bir gezek guralýan maslahatyň işini hem-de onuň çäklerinde geçirilen utgaşykly çäreleri giňden beýan etmek maksady bilen, 40-a golaý döwletden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan gowragy çagyryldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekil, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bildirilen myhmansöýerlik hem-de halkara hyzmatdaşlyk üçin taryhy ähmiýete eýe bolan maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistan geljekde-de sebit hyzmatdaşlygyna we ählumumy ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga doly ygrarly bolup, mundan beýläk-de milli tagallalary hereketleriň täze maksatnamasynyň wezipeleri bilen utgaşdyryp, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen yzygiderli, oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.
Şeýlelikde, ýakyn onýyllyk üçin bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitlän ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň ykrarnamasyna, ýurdumyzyň, bütin adamzadyň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.
Maglumat çeşmesi: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi