SOCAR Türkmenistandaky nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilişine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

SOCAR Türkmenistandaky nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilişine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

29.09.25

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Türkmenistandaky nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahip Alekperow 18–19-njy sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda – TIF-2025-de mälim etdi.

Alekperowyň sözlerine görä, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli dowam edýär. Şolaryň arasynda energetika pudagy aýratyn ähmiýetli orun eýeleýär. Şeýle hem Özbegistan we Gazagystan bilen bilelikde Merkezi Aziýadan Ýewropa tarap “ýaşyl” elektrik energiýasyny Azerbaýjanyň üsti bilen eksport etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu barada Azerbaýjanyň “Report” habar agentligi habar berýär.

Sahip Alekperow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň “Gündogar–Günbatar” halkara ulag geçelgesini ösdürmekde we Hazar deňziniň üsti bilen geçýän Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Onuň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda iki ýurduň arasynda amala aşyrylan üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberi 1 million tonnadan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13% ýokarydyr.

SOCAR kompaniýasy içerki we daşary bazarlar üçin nebiti we gazy gazyp almak, daşamak, gaýtadan işlemek, şeýle hem Azerbaýjanyň senagat toplumlaryny we ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmek bilen meşgullanýar.

2023-nji ýylyň noýabrynda SOCAR Aşgabatda öz wekilhanasyny açdy.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan