Türkmenisatan we Brussels Africa Hub işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Palwanow Brussels Africa Hub guramasynyň prezidenti Muktar Bahyň bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Afrikanyň işewür gurşawyny Ýewropa, Aziýa we dünýäniň beýleki sebitleriniň işewür jemgyýetleri bilen birleşdirýän halkara platforma hökmünde çykyş edýän Brussels Africa Hub guramasynyň işleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurama ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, şeýle hem Afrika döwletleriniň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşine gönükdirilen durnukly taslamalaryň ilerledilmegine ýardam edýär.
Ilçi dürli ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Afrika ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, agrosenagat toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça häzirki zaman çemeleşmelerine esaslanýan durnukly oba hojalygy pudagynda uly tejribesiniň we mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Taraplar türkmen we afrikaly işewür toparlaryň arasynda amaly gatnaşygy ýola goýmaga, şeýle hem ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirlen bilelikdäki işewür we maglumat çärelerini, forumlary we sergileri guramaga özara gyzyklanma bildirdiler.
Prezident Muktar Bah Türkmenistanyň durnukly oba hojalygy, azyk howpsuzlygy we energetika ugurlarynda gazananlaryna ýokary baha berip, ýurduň tejribesi we mümkinçilikleriniň Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde mynasyp goşant goşup biljekdigini belledi. Ol Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen has içgin tanyşmak, türkmen telekeçileri we döwlet düzümleri bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen Türkmenistana sapar etmek isleýändigini aýtdy.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan
