Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

29.07.25

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Resmi kabul edişlik wagtynda diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hytaýly diplomat duşuşyk üçin Türkemenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Pekin tarapyndan Türkmenistanyň alyp barýan giň möçberli özgertmelerine we onuň strategik hyzmatdaşlyk boýunça alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi.

Duşuşykda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülen “Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi” strategiýasynyň, şeýle hem Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen baglanyşdyrylmagynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Szi Şumin Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýola goýuldy. Otuz ýyldan gowrak wagtyň içinde syýasat, ykdysadyýet, medeniýet we energetika ugurlaryndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan