Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Si Szinpin bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Si Szinpin bilen duşuşdy

03.09.25

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde, sişenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Baştutany Si Szinpin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem Türkmenistanyň we HHR-iň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny we Türkmenistan, Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini nygtady hem-de Pekiniň sammitde teklip eden "Global dolandyryş" başlangyjyny goldaýandygyny beýan etdi.

Duşuşykda, ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şol sanda Türkmenistanyň "Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek" strategiýasynyň Hytaýyň "Bir guşak, bir ýol" başlangyjy bilen utgaşyklylygy maslahatlaşyldy.

Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde, ýurtlar birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalary edýärler. Türkmenistan we hytaý söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, senagat, oba hojalyk kooperasiýasyny, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmegi, dürli ugurly, şol sanda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi maksat edinýärler. Şeýle hem, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň dowamynda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasy ugrunda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem nygtaldy. Bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak we halkara parlament diplomatiýasy ulgamyndaky baý tejribäni halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin ýola goýuljak hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, HHR-iň Başlygy Si Szinpini 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy. HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlylygyny tassykladylar.

Şol gün, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen hem duşuşdy.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan