Resmi habarlar Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy

Resmi habarlar Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy

23.09.25

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýork şäherinde bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy. Bu barada duşenbe güni “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkdaky Jon Kennedi adyndaky halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde Döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekilleri garşyladylar.

Sessiýanyň ýokary derejeli mejlisini Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň başlygy Annalena Berbok açdy. Ýubileý sessiýanyň dowamynda dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, BMG-niň we halkara maliýe ulgamynyň gurluşyny kämilleşdirmek, şeýle hem klimatyň üýtgemegine we beýleki häzirki zaman howplara garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan öň Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasy üçin öz ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan