
Türkmenistanyň Prezidenti Týanszin şäherindäki ŞHG sammitiniň çäklerindäki çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen Hytaýyň Týanszin şäherine geldi we saparynyň ilkinji gününde sammitiň çäklerindäki çärelere gatnaşdy.
Bu çäre ŞHG agza we hyzmatdaş ýurtlaryň ýolbaşçylaryny jemledi. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Päkistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh gatnaşdylar. Mundan başga-da, Müsür, Kamboja, Nepal, Ermenistan döwletleriniň hökümet ýolbaşçylary hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş hem bu çärä gatnaşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Sammitiň öňüsyrasynda daşary ýurtly myhmanlary Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin aýaly bilen bilelikde mähirli garşylady.
Sammitiň ahyrynda gatnaşyjylar Týanszin şäherinde ŞHG sammiti mynasybetli gurnalan aýdym-saz çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan