
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan karanama kabul edildi
2025-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, şeýle hem döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere aýratyn orun berildi.
2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «YHG-nyň we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» atly kararnama biragyzdan kabul edildi.
Bu kararnamanyň YHG-nyň meýdançasynda kabul edilmegi, özara ynamy berkitmäge, dialogy ilerletmäge we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasy strategiýasynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň we goldanylmagynyň aýdyň tassyknamasydyr.
Maglumat çeşmesi: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi