
Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, oba hojalygynyň we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy
17.06.25
Duşenbe güni, 16-njy iýunda birža söwdalarynda daşaky bazarda Owganystan we ABŞ döwletleriniň işewürleri «Türkmennebit», «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernlerinden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «Ý-354» kysymly tehniki gurumyny, «Türkmenpagta» Döwlet konserninden pagta übtügini we Dokma Senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 14 942 350,00 ABŞ dollaryna we 33 408 896,60 manada deň bolan 19 geleşik baglaşyldy.
Maglumat çeşmesi: TDHÇMB