
«Ojar Aziýa»: Ykdysady üstünlikleriň sergisinde innowasiýalar
2025-nji ýylyň 18-20-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ykdysady üstünlikleriň sergisi ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu giň gerimli çäre ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen täze hyzmatdaşlyklara we maýa goýumlara ýurdumyzyň taýýardygyny subut etdi.
Energetika, nebit we gaz, dokma, gurluşyk, ulag-logistika, oba hojalygy, saglygy goraýyş we bilim ýaly ugurlary öz içine alýan sergi diwarlygynda görkezilen önümler we hyzmatlar ministrlikleri, döwlet edaralaryny hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny bir ýere jemledi. Bu sergi Türkmenistan üçin halkara ykdysady gatnaşyklarynyň giň gerimlerine çykmaga mümkinçilik döredýän özboluşly we möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Ol ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly integrasiýasyna itergi berip, innowasion ösüşleriň, işewür hyzmatdaşlygyň hem-de maýa goýum işjeňliginiň täze tapgyrlaryna ýol açdy.
Sergide ýurdumyzyň hususy ulgamyny we onuň mümkinçiliklerini açyp görkezýän gatnaşyjylaryň sergi diwarlyklary aýratyn täsir galdyrdy. Şolaryň arasynda «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň innowasion diwarlygy aýratyn aýratynlyk bilen tapawutlandy. Bu diwarlyk Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga we milli infrastrukturasyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli işleri aýdyň şöhlelendirdi.
«Biziň baş maksadymyz diňe bir ýol we köpri gurmak bilen çäklenmän, eýsem halklary hem ýürekden ýürege baglamakdyr. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramynyň şöhratly senesinde biz ýurdumyzyň ösüş ýolunda hususy pudagyň nähili möhüm orny eýeleýändigini hem-de ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini görkezýäris» – diýip, «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň wekili belläp geçdi. Bu sergi diwarlygy halkara bilermenleriň hem-de maýa goýujylaryň üns merkezine öwrüldi. Netijede, ulag we logistika ugurlarynda ilkinji halkara hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi. Bu bolsa Türkmenistanyň hususy pudagyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
«Ojar Aziýa» hususy kärhanasy sergä gatnaşmagynyň çäklerinde ulag-logistika geçelgelerini döretmäge we sanlylaşdyrmaga gönükdirilen taslamalardan ybarat ekoulgamy giňden hödürledi. Interaktiw paneller we göçme maketler arkaly birnäçe möhüm başlangyçlar görkezildi. Şolaryň arasynda uzynlygy 450 kilometre barabar bolan Serahs–Mary–Serhetabat awtomagistraly aýratyn orun eýeledi. Bu ýol taslamasy sebitleýin ulag akymlarynyň gurluşyny düýpli özgertdi hem-de täze mümkinçilikleriň öňüni açdy.
Mundan başga-da, kompaniýanyň Owganystanyň Turgundy şäherinde gurmagy ýola goýan döwrebap ammarlaryň toplumy hem uly gyzyklanma döretdi. Bu toplum Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde halkara logistika merkezine öwrülmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Taslamalarda «ýaşyl tehnologiýalaryň» hem-de sanly çözgütleriň giňden ornaşdyrylmagy bolsa, kompaniýanyň durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.
Şeýle hem aýratyn bellenilmäge mynasyp ýagdaýlaryň biri – «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halkara Maýa Goýum Forumy (TIF 2025) üçin Baş hemaýatkär hökmünde çykyş etmegidir. Bu bolsa kompaniýanyň halkara ykdysady giňişlikdäki ornunyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Şenbe güni tamamlanan sergi döwlet bilen hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly itergi berdi, innowasiýalaryň täze ugurlaryny açdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan dünýäniň ösüşi üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny has-da berkitdi. «Ojar Aziýa» HK-nyň beýik maksatlar bilen öňe süren taslamalary bolsa täze rowaçlyklara ruhlandyryjy çeşme boldy.