
«Ojar Aziýa»: durnuklylygyň we integrasiýanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi — ýurt üçin ynamdar hem-de öňünden çaklap bolýan syýasy ýagdaýy üpjün etmek bilen birlikde, onuň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygyndaky özboluşly geografik ýerleşişi bilen birleşip, döwleti sebitde möhüm tranzit we logistika merkezi hökmünde öňe çykarýar. Bu mümkinçilikler diňe bir ýurduň içerki bazaryna däl, eýsem tutuş Ýewraziýa yklymy boýunça giň halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine, uly korporasiýalardan başlap, kiçi we orta telekeçilere çenli ýol açýar.
Häzirki wagtda howa, demir ýol, awtomobil, deňiz, derýa hem-de guryýer ulag ýollary häzirki zaman Ýewraziýa ulag ulgamynyň esasy sütünlerini emele getirýär. Bu ulgam bäş halkara ulag geçelgelerini birleşdirýär: Demirgazyk, Merkezi we Günorta Ýewraziýa geçelgeleri, TRASEKA halkara ulag geçelgesi hem-de «Demirgazyk–Günorta» ulag geçelgesi.
Türkmenistanyň ýokary derejede ösýän içki infrastrukturasy bu ugurlaryň hem-de «Gündogar–Günbatar» geçelgesiniň halkara ýollary bilen özara baglanyşygyny üpjün edip, ýurduň Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bilen ygtybarly hem çal aragatnaşygy üpjün edýär. Şeýle geçelgeler, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin dünýä bazarlaryna çykmakda ygtybarly ýol bolup hyzmat edýär.
Bu meseleler, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilişi bilen bagly strategik ugurlar, Awazada geçirilen TIF 2025 halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde, 2-nji sessiýada – "Türkmenistanda gurluşyk we senagat pudaklarynyň ösüşindäki täze ugurlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi", şeýle hem 3-nji sessiýada — "Türkmenistanda ygtybarly ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösüşi. Ulag-logistika ulgamyna maýa goýumlary” atly mejlislerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna we ulag ulgamynyň ösdürilmegine degişli möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
TIF 2025 foruma 45 ýurtdan 800-den gowrak wekiliň gatnaşmagy, şeýle hem 50-e golaý kompaniýanyň we guramanyň hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegi onuň ähmiýetini görkezýär.
Bu abraýly forumyň Baş hemaýatkäri hökmünde çykyş eden «Ojar Aziya» hususy kärhanasy, döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, gurluşyk pudagynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak, ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmek we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça strategik başlangyçlaryna işjeň goldaw berýär.
Kompaniýanyň öňdengörüjilikli syýasaty ýol, köpri, ulag merkezi we senagat desgalarynyň gurluşygynyň üsti bilen täze halkara ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň ähmiýetini doly düşünmekden ybaratdyr. Bu geçelgeler Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen guryýer, deňiz we howa arkaly aragatnaşygyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
«Ojar Aziýa» kompaniýasynyň möhüm taslamalarynyň hatarynda aşakdakylary aýratyn bellemek bolar:
- Sarahs–Mary–Serhetabat (SMS) ugry boýunça uzynlygy takmynan 450-kilometre deň bolan awtomobil ýolunyň gurluşygy. Bu ýol ýurduň möhüm sebitleriniň arasynda göni, çalt we ygtybarly gatnaşyk döreder, logistiki akymlary kämilleşdirer hem-de ýük we ýolagçy gatnawlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar;
- Owganystanyň Turgundy şäherinde döwrebap ammar toplumynyň gurluşygy. Bu taslama sebitleýin tranzit mümkinçiliklerini giňeldip, Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişligindäki logistika merkezi hökmünde ornuny has-da berkider.
Bu başlangyçlar Türkmenistanyň ulag we infrastruktura taslamalaryna diňe içerki ykdysady ösüş üçin däl, eýsem sebitleýin integrasiýany we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin möhüm strategiýa bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.
Maglumat çeşmesi: Orient