
Resmi habarlar Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýurtda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Pakistanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi we Pakistanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Pakistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň we halklarynyň diňe bir dost-doganlyk gatnaşyklarynyň däl, eýsem, ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklaryň hem baglanyşdyrýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň geljekde tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berjekdigine, şeýle hem Farýal Legariniň täze bellenen ilçi hökmünde iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmak arkaly bu iri taslamalary amala aşyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan