Türkmenistanyň daşary işler ministri Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

21.08.25

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy.

Amerikan tarapy Türkmenistan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, şeýle hem “C5+1” diplomatik formatynyň çäginde sebitleýin goşulyşmagyň ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Marko Rubio özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.

“C5+1” platformasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny: Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany birleşdirýän diplomatik gatnaşyklaryň bir görnüşidir. Bu platforma ykdysadyýet, energetika hem-de daşky gurşaw ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.

1992-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar BMG, ÝHHG we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ösdürilýär. Ýurtlar bilim, saglygy goraýyş hem-de oba hojalygy ugurlarynda hem hyzmatdaşlygy alyp barýar.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan