Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahalteke atçylyk toplumyndaky işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahalteke atçylyk toplumyndaky işler bilen tanyşdy

20.01.26

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň ähli çägini abadanlaşdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda batly depginler bilen dowam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Bu ugurda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadag öňde boljak Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlygyň çäklerinde şanly toýuň meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürläp, döwlet Baştutanynyň meýilnamany tassyklan halatynda toý dabaralaryny şu ýylyň şygaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Çeşme: www.tdh.gov.tm