
Arkadag şäherinde täze köpri we Keýmir kör şaýoly açyldy
Arkadag şäherinde çarşenbe güni döwrebap köpriniň hem-de Keýmir kör şaýolynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu ulag infrastruktura desgalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň möhüm bölegidir.
Dabaranyň geçirilýän wagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinden Balkan welaýatyna iş saparyna ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň üstünden geçýän pursatlary aýratyn manyly waka öwrüldi. Bu barada ýurduň resmi metbugaty habar berýär.
Gökdepe hem-de Keýmir kör şaýolyny birleşdirýän köpri türkmen işewürleri tarapyndan gurlup, onuň uzynlygy 627 metre, giňligi bolsa 29,5 metre barabardyr. Köpriniň ikitaraplaýyn ýolunyň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak, bölüji zolagynyň ini 5 metr bolup, köpriniň her tarapynda ýanýodalar we ýaşyl zolaklar döredilipdir. Köpriniň beýikligi bolsa 9 metre barabardyr.
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler.
Arkadag şäherinde täze awtoýolunyň we köpriniň ulanmaga berilmegi bu sebitiň çäginde ulag hereketini netijeli guramaga mümkinçilik berer. Desgalar döwrebap tehnologiýalar arkaly halkara standartlaryna laýyk getirilip gurlup ulanmaga berilmegi sürüjiler we ýolagçylar üçin amatly hem-de howpsuz şertleri döredýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýol-ulag infrastrukturasynyň ösmeginde ýene-de bir möhüm ädim boldy.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan