
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygy 13,2 göterim artdy
Şu ýylyň ýanwar– sentýabr aýlarynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,2% ýokarlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hasabatda beýan edilişi ýaly, degişli döwürde jemi içerki önüm 6,3 göterim ösdi. Ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda – senagatda 1,8 göterim, gurluşyk pudagynda 7 göterim, ulag-aragatnaşykda 10,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda 5 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterim ösüş gazanyldy.
Ýanwar–sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,2 göterim, çykdajy bölegi hem 96,3 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýeriň hasabatynda mälim edilişine görä, Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,8 göterim ýokarlandy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 8,7 göterim artdy.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan