Ýanwar–iýul: Türkmenistan, Gazagystan BTJ-den 2,6 mln tonna nebit geçirdi

Ýanwar–iýul: Türkmenistan, Gazagystan BTJ-den 2,6 mln tonna nebit geçirdi

18.08.25

Ýanwar–iýul aýlarynda Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly Türkmenistan bilen Gazagystandan geçirilen nebitiň möçberi, umumy akymyň 16,2%-ni düzdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” agentligi anna güni habar berdi.

Hasabat döwründe BTJ turba geçirijisi boýunça jemi 16,2 million tonna nebit akdyryldy. Şol möçberiň 2,6 million tonnasy Türkmenistanyň we Gazagystanyň tranzit nebiti bolup, umumy akymyň 16,2%-ni emele getirdi.

Azerbaýjandan akdyrylan nebitiň möçberi bolsa 13,5 million tonna deň bolup, bu umumy akymyň 83,6%-ne barabar boldy.

Baku–Tbilisi–Jehan (BTJ) turba geçirijisi 1768 kilometr aralyga uzaýar. Ol Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan başlap, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portuna ýetirýär.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan