Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy $677,8 milliondan geçdi

Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy $677,8 milliondan geçdi

24.09.25

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 677,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 581,6 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 96,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Degişli döwürde Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 51,4 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 milliard ABŞ dollary möçberinde ýokarlandy.

Mundan öň, Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn söwdany 2 milliard ABŞ dollaryna çenli artdyrmak boýunça çäreler meýilnamasyny ylalaşdylar.

 

MAglumat çeşmesi: Business Turkmenistan