Eýranyň Energetika ministrligi Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmakçy

Eýranyň Energetika ministrligi Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmakçy

19.08.25

Eýranyň Energetika ministrligi we Eýranyň “Tawanir” döwlet kärhanasy Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu mesele Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi, “Tawanir” kärhanasynyň baş direktory Mostafa Rajabi Maşhadi we Mejlis agzasy Jemşid Gaýemmakamyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda gozgaldy. Bu barada duşenbe güni “Mehr” agentligi habar berdi.

Duşuşygyň netijesinde “Tawanir” kärhanasynyň daşary söwda bölümi importy artdyrmak boýunça degişli çäreleri işläp düzmek we olaryň meýilnamalaryny taýýarlamak tabşyryldy.

Mundan öň Türkmenistan bilen Eýran arasynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde, iki ýurduň arasynda “Mary–Maşat” elektrik geçiriji liniýasynyň Mary döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli böleginiň gurluşygynyň amala aşyrylmagy ylalaşyldy.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan