Eýran Türkmenistan bilen bilelikdäki serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýär

Eýran Türkmenistan bilen bilelikdäki serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýär

26.08.25

Eýran Türkmenistan bilen bilelikdäki serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýär diýip, Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri çarşenbe güni welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi. Bu barada “Mehr” habarlar agentligi habar berýär.

2025-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet edaralary türkmen-eýran serhedinde söwda meýdançasyny gurmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş toparynyň duşuşygyny geçirdiler.

Serhet söwda meýdançasynyň döredilmegi serhetara söwdanyň ösdürilmegine we iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam berer.

Türkmenistan bilen Eýran demirgazyk Horasanyň serhet geçelgesi bolan Sarahsda demir ýol ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen iki sany täze demir ýol geçelgesini gurmagy hem meýilleşdirýärler.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan