Maýa goýumlar we hyzmatdaşlyk: Aşgabatda IFT 2026 geçiriler

Maýa goýumlar we hyzmatdaşlyk: Aşgabatda IFT 2026 geçiriler

10.02.26

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan Halkara forum geçiriler. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralar hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, TMT Consulting Group kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda geçirilýär. Gatnaşyjylaryň hasaba alyş işi eýýäm açykdyr, bu bolsa kompaniýalara işewürlik meýilnamalaryny we maýa goýum tekliplerini öňünden taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

IFT 2026 hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, telekeçiligi ösdürmäge hem-de daşary ýurt maýasyny çekmäge gönükdirilendir. Forumyň esasy ugurlary senagat, agro-senagat, maldarçylyk, logistika, innowasiýalar we kiçi hem-de orta telekeçilik taslamalary bolup durýar. Çäre döwlet edaralary, milli kompaniýalar we halkara maýadarlar arasynda göni dialog üçin netijeli meýdança bolup çykyş eder.

Bu forum IFT 2025-iň üstünlikli tejribesiniň dowamydyr. Öňki forum 25 ýurtdan 500-den gowrak wekili birleşdirip, 21 ylalaşygyň baglaşylmagyna hem-de 187 işewürlik duşuşygynyň geçirilmegine mümkinçilik döredipdi. IFT 2026-nyň hem işewür gatnaşyklary berkitmegine, maýa goýum akymlaryny giňeltmegine we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi bermegine garaşylýar.

Çeşme: www.business.com.tm