2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleriň tertibi mälim edildi

2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleriň tertibi mälim edildi

23.12.25

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara sergileriň we forumlaryň resmi tertibini neşir etdi. Bu çäreler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, hususy pudagyň mümkinçiliklerini we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmasyny giňden görkezmäge gönükdirilendir.

Tertibe laýyklykda, 17–19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäreler milli telekeçiligiň ösüşindäki gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.

18-nji martda bolsa hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum (IFT 2026) geçiriler. Mälim bolşy ýaly, TMT Consulting Group kompaniýasy 2025-nji ýylyň 18-nji martynda üstünlikli geçirilen IFT 2025 halkara forumynyň hyzmatdaş guramaçysy bolup çykyş etdi. Bu forum milli ykdysadyýetiň hususy pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde täze çemeleşmäniň başlanandygyny alamatlandyrdy.

IFT 2025 halkara forumynyň işine 25 döwletden 500-den gowrak wekiller, şol sanda 180-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem-de 180-den gowrak ýerli telekeçiler gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde B2B (işewürlik–işewürlik) we B2G (işewürlik–hökümet) görnüşlerinde işewürlik duşuşyklary we gepleşikleri guralyp, olaryň netijesinde 21 sany Çarçuwaly ylalaşyklar baglaşyldy.

2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň has-da giň möçberde bolup, halkara işewür toparlaryň we maýa goýujylaryň gatnaşygynyň artmagyna itergi bermegine garaşylýar.