Iýul II hepde: TDHÇMB-de 14 geleşik hasaba alyndy

Iýul II hepde: TDHÇMB-de 14 geleşik hasaba alyndy

15.07.25

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepdedäki söwdalaşyklarynda jemi 14 geleşik hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. 

Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernlerinde öndürlen binýatlyk ýagy, suwuklandyrylan gazy we hlorly natrini satyn aldylar.
Serbiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri bolsa arassalanmadyk guradylan buýan köküni, boýalan matalary, erkekler üçin niýetlenen köýnekleri hem-de portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy eksport bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryna deň boldy.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin buýan kökünden alynýan galyň ekstrakt, binýatlyk ýagy, gazbeton bloklary, pagta soapstogynyň hem-de pagta çig ýagly kislotalary satyn aldylar. Bu geleşikleriň umumy bahasy 5 million 818 müň manatdan geçdi.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan