Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň, Pakistanyň we Owganystanyň bilelikdäki taslamalaryna gyzyklanma bildirýärler

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň, Pakistanyň we Owganystanyň bilelikdäki taslamalaryna gyzyklanma bildirýärler

19.08.25

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow duşenbe güni Yslamabatda Germaniýanyň Pakistandaky ilçisi Ina Lepel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Germaniýaly diplomat nemes kompaniýalarynyň Türkmenistanyň, Pakistanyň we Owganystanyň bilelikde amala aşyrýan infrastruktura we energetika taslamalaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini belläp geçdi.

Ilçi Atajan Möwlamow duşuşykda türkmen tarapynyň öňe sürýän başlangyçlary boýunça giňişleýin maglumat berip, olaryň sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar sebitleýin wakalary hem ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlyk üçin umumy ugurlary kesgitlediler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn we sebitleýin taslamalary ösdürmeklige hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmeklige ygrarlydyklaryny bellediler.

Türkmenistan, Owganystan we Pakistan sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek we ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak maksady bilen energetika we infrastruktura ugurlarynda birnäçe iri üçtaraplaýyn taslamalary amala aşyrýarlar. Olaryň arasynda TAPI gaz geçirijisi (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) we TAP (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan) elektrik geçirijisi bar.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan