
Startap bäsleşigi: «Türkmenistan – mümkinçilikler ýurdy»
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de «TMT Consulting Group» HJ-i bilen bilelikde «Türkmenistan – mümkinçilikler ýurdy» atly startap bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik şu iki ugur boýunça geçiriler: Maglumat tehnologiýalary we Iýmit howpsuzlygy.
Bäsleşigiň maksady - ýaş nesliň innowasion pikirlerini goldamak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýurduň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak we «Türkmenistanyň önümi» nyşany bilen ýerli önümleriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.
Bäsleşige kimler gatnaşyp biler?
Ýokary synp okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş mugallymlar, telekeçiler, startap toparlary, maglumat tehnologiýalary we oba hojalyk pudagynyň wekilleri.
Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler:
- Taslamalaryň kabul edilmegi: 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabyryna çenli isleg bildirýänler startap taslamalaryny Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetine tabşyrmaly (Salgysy: S. Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji bina, 3-nji gat).
- Okuw tapgyry: ýarymfinala çykan gatnaşyjylar üçin startap menejmenti we taslama hödürlemek boýunça tejribeli hünärmenler tarapyndan gurnalýan ýörite master-klasslar (Salgysy: “TMT Consulting Group”, G. Gulyýew köçesi 38, «Ojar Aziýa» binasy).
- Final tapgyry: 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda geçirilip, taslamalaryň goragy we ýeňijileri sylaglamak dabarasy bilen tamamlanar.
Baýraklar: hormat hatlary we TMT Consulting Group tarapyndan taýýarlanan gymmat bahaly sowgatlar we ýeňijilere taslamalaryny ösdürmek üçin maslahat we goldaw bermek mümkinçilikleri.
Habarlaşmak üçin:
- TSTP Merkezi Geňeşi: 22-71-93
- TSTP Aşgabat şäher komiteti: 22-74-07, 22-70-38
Bäsleşige gatnaşyp, Türkmenistanyň innowasion geljegine öz goşandyňyzy goşuň!