
ÝTÖB: 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,3% ösüp biler
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2026-njy ýylda durnukly ösüşini dowam etdirjekdigini çaklaýarlar. ÝTÖB-iň çaklamasyna görä, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,3 göterim artar. Bu ösüşe energiýa, infrastruktura, oba hojalygy hem-de azyk senagatyna goýulýan maýa goýumlarynyň artmagy itergi berer.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýet giň gerimli ösüşe eýe boldy. Esasy ösen ugurlar hökmünde söwda, ulag, hyzmatlar we gurluşyk pudaklary öňe çykdy. Bu barada ÝTÖB-iň penşenbe güni neşir edilen Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ykdysady mümkinçilikleri baradaky hasabatynda aýdylýar.
Maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,6 göterim ýokarlandy, bu ösüş bolsa içerki telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňeltmäge we ýurduň durnukly ösüşine giň goldaw berýär.
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky 1991-nji ýylda 40 sany döwlet hem-de iki sany halkara gurama tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda bank 34 ýurtda iş alyp barýar, Türkmenistanda bolsa 1992-nji ýyldan bäri işleýär. Guramanyň baş maksady maliýe durnuklylygyna ýardam bermek, hususy telekeçiligi ösdürmek we işewür gatnaşyklary berkitmekdir.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan