Türkmenistandan konteýner daşamalary 21 müňden geçdi
27.01.26
2025-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden jemi 21 müň 320 konteýner ýük daşamasy amala aşyryldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 müň 200 konteýner barabar boldy. Bu görkezijiniň 10 müň 470-si tranzit, 6 müň 450-si eksport, 4 müň 400-si import ýüklerine degişli boldy.
Konteýner daşamalarynyň artmagy «Demirgazyk–Günorta», «Lapis Lazuli» we «Gündogar–Günbatar» halkara ulag geçelgeleriniň, şeýle hem Russiýa, Gazagystan, Eýran, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan multimodal ugurlaryň işjeň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Hasabat döwründe bu ugurlar boýunça 74 konteýner otlusy hereket etdi, bu bolsa Türkmenistanyň sebitde möhüm tranzit merkezine öwrülýändigini tassyklaýar.
Çeşme: www.turkmenportal.com
