GDA ýurtlarynyň Demir ýol geňeşiniň mejlisi Türkmenistanda geçiriler

GDA ýurtlarynyň Demir ýol geňeşiniň mejlisi Türkmenistanda geçiriler

21.01.26

2026-njy ýylyň iýunynda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň Demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 84-nji mejlisini kabul eder. Bu barada Aşgabatda geçirilen SPЕKA Ykdysady forumynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Silapberdi Nurberdiýew habar berdi.

Ol Türkmenistanyň halkara ulag-logistika merkezine öwrülýändigini belläp, Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman ugruny hem-de “Demirgazyk–Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoluny ösdürmäge açykdygyny aýtdy. Bu ugurlar Pars aýlagynyň portlaryna çykmagy üpjün edip, sebit we halkara bazarlaryna täze mümkinçilikleri açýar.

 Çeşme: www.turkmenportal.com