Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti Awazada geçiriler

Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti Awazada geçiriler

02.01.26

2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammiti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde habar berdi. Sammitiň geçirilmegi GDA döwletlerinoň baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen ylalaşyldy.

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklyk derejesine eýe bolan döwründe Türkmenistanyň Russiýa bilen giň gerimli we ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge, şeýle hem möhüm çäreleri – Zenanlaryň Dialogy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini we Demografiýa meseleleri boýunça Konferensiýany – guramaga taýýardygyny nygtady.

Çeşme: www.turkmenportal.com