
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda £99 milliona deň boldy
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň aprel aýyndan 2025-nji ýylyň mart aýy aralygynda 99 million funt sterlinge barabar boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň işewürlik we söwda departamenti anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji mundan öňki hasabat döwri bilen deňeşdirilende 33,8 göterim ýa-da 25 million funt sterling köpdür.
Hasabat döwründe Beýik Britaniýanyň Türkmenistana eksporty 73 million funt sterlinge deň boldy we bu görkeziji 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 million funt sterling ýa-da 25,9 göterim artdy.
Şol döwürde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandan importy 62,5 göterim artyp, 26 million funt sterlinge barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 million sterling ýokarydyr.
Türkmenistanyň Beýik Britaniýadan import eden esasy harytlarynyň arasynda umumy senagat tehnikasy, uçarlar we ylmy gurallar bardyr. Türkmenistanyň Beýik Britaniýa eksport eden esasy harytlarynyň arasyna bolsa organiki däl himiki maddalar, mehaniki kuwwat generatorlary we metal magdanlary girýär.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan