
Aşgabat 2026-njy ýylda GDA-nyň Demir ýol ulaglary Geňeşiniň mejlisini kabul eder
Häzirki wagtda demir ýol ulaglary halkara ulag ulgamynda möhüm rol oýnaýar we döwletleriň arasyndaky durnukly ykdysady gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Bu nukdaýnazardan, GDA-nyň Demir ýol ulaglary Geňeşiniň işi bu ugurda GDA agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga aýratyn mümkinçilik berýär. 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň GDA-nyň Demir ýol ulaglary Geňeşine agza bolmagy milli demirýollarda utgaşdyrylan demirýol ulaglary, sebit derejesinde utgaşdyrylan ulag syýasatyny durmuşa geçirmek we demir ýol ulaglarynyň ykdysady, maglumat, ylmy, tehniki we daşky gurşaw taraplaryny çözmek üçin birnäçe daşary ýurt we guramalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga mümkinçilik berdi. GDA demir ýol ulaglary Geňeşi 16 agzadan ybaratdyr.
Ýakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine GDA-nyň Demir ýol ulaglary müdirliginden hat gelip gowuşdy.
Hatyň mazmunyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň maý-iýun aýlarynda GDA-nyň Demir ýol ulaglary Geňeşiniň 84-nji mejlisiniň Türkmenistanda geçirmek meselesine ýardam berilmegi haýyş edilýär.
GDA-nyň Demir ýol ulaglary Geňeşiniň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu ýygnak GDA agza ýurtlaryň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda ýylda iki gezek geçirilýär. Türkmenistanda Geňeşiň iň soňky gezek 57-nji mejlisi 2012-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.
Geňeşiň 83-nji mejlisi 2025-nji ýylyň 25-26-njy noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuwda geçiriler hem-de Geňeşiň indiki 84-nji mejlisiniň geçiriljek senesi şu mejlisde kesgitlener we resmi taýdan yglan ediler.
Duşuşygyň gün tertibinde mejlislerde kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilişi, demir ýol edaralarynyň halkara ýük we ýolagçy gatnawynda öndürijilik görkezijileri we netijeliligi, şeýle hem ýolagçy, ýük we konteýner otlylaryny maksatnamalaýyn meýilleşdirmek, nyrh syýasaty we demir ýol ulaglary edaralarynyň arasyndaky hasaplaşyklar hem bar.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi öz gezeginde degişli işleri amala aşyrar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň halkara bileleşiginiň öňündäki ýokary abraý derejesini has-da beýgelder.
Maglumat çeşmesi: Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi