
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçiriler
Sentýabr aýynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-wenger hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçiriler. Bu barada penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, altynjy mejlisiň gün tertibine laýyklykda, söwda-ykdysady, energetika, dokma senagaty, ulag, oba hojalyk we azyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mundan başga-da, durmuş, zähmet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, derman senagaty, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň gerimini giňeltmek meseleleri maslahatlaşylar.
Mejlisi geçirmek üçin Teswirnamanyň taslamasy taýýarlanyldy, degişli Kararyň taslamasy bolsa döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-wenger hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky resminama gol çekdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň bäşinji mejlisi 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan