«Arkadag» AFK Çempionlar Ligasynda «Al-Nassr» bilen duşuşar

«Arkadag» AFK Çempionlar Ligasynda «Al-Nassr» bilen duşuşar

02.01.26

Türkmenistanyň öňdebaryjy futbol kluby bolan «Arkadag» AFK Çempionlar Ligasy-2-niň 1/8 finalynda Saud Arabiýasynyň «Al-Nassr» topary bilen duşuşar. Ilkinji duşuşyklar 2026-njy ýylyň 10-11 fewralynda «Arkadag» meýdançasynda geçiriler, jogap duşuşyklary bolsa 2026-njy ýylyň 18-19 fewralynda bolar.

«Al-Nassr» toparynda 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony we bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi bolan portugaliýaly hüjümçi Kriştiano Ronaldu çykyş edýär.

Çeşme: www.business.com.tm