Halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi: Britan ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk

Halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi: Britan ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk

13.10.25

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda TMT Consulting Group kompaniýasynyň goldawy bilen  bu kompaniýanyň baş edarasynda Ojar Aziýa kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Kler Olblessiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Britan ilçihanasy tarapyndan öňe sürlen bu duşuşykda taraplar Ojar Aziýanyň senagat, gurluşyk, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda öňdebaryjy britan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Duşuşykda aýratynlykda häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan hem-de sebit ähmiýetine eýe bolan Sarahs–Mary–Serhetabat ýokary hilli awtomobil ýoly taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar TMT Consulting Group kompaniýasynyň hyzmatdaş guramaçylygynda meýilleşdirilýän, 2025-nji ýylyň 30-31 oktýabrynda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýeti günleriniň çäginde britan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar ýurt içinde alnyp barylýan giň gerimli infrastruktura we ykdysady ösüş taslamalaryna daşary ýurtly maýa goýujylary çekmekde döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýeti barada umumy pikir aýtdylar. Strategik maksatlara hyzmat edýän bu başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin bilelikde hereket etmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.