Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

26.06.25

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

 

Iki ýurduň DIM-leriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň köptaraplaýyn formatlardaky, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Hazar “bäşliginiň” hem-de “Merkezi Aziýa-Russiýa” çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.

 

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Maglumat çeşmesi: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi