2025: Hytaý 8,41 mlrd ABŞ dollaryna barabar Türkmen gazyny import etdi

2025: Hytaý 8,41 mlrd ABŞ dollaryna barabar Türkmen gazyny import etdi

21.01.26

2025-nji ýylda Hytaý Türkmenistandan 8,41 milliard ABŞ dollaryna barabar tebigy gaz import edip, Türkmenistany Hytaý bazaryna energiýa serişdelerini iberýän öňdebaryjy üpjün edijileriň biri hökmünde ýene-de bir gezek tassyklaýar. Gaz ibermeklik Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň A, B we C şahalary arkaly amala aşyrylýar we olaryň ýyllyk möçberi takmynan 40 milliard kub metre barabardyr. D şahasy işe girizilenden soň, eksport möçberlerini 65 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem hyzmatdaşlyga goşmaça itergi CNPC kompaniýasy tarapyndan «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň senagat taýdan özleşdirilmeginiň başlanmagy bilen berler. Onuň taslama kuwwaty ýylda 10 milliard kub metre barabar bolar. Bu ösüşler 2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda iki ýurduň arasyndaky umumy haryt dolanyşygynyň 9,16 milliard ABŞ dollaryna ýetendigi bilen utgaşýar.

Çeşme: www.business.com.tm