
2024: Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi $68,7 milliarddan geçdi
2024-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) möçberi 68,7 milliard ABŞ dollaryndan geçip, 6,3% ösüş görkezdi. Bu görkeziji ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini hem-de halkara giňişligindäki ornunyň berkidilýändigini görkezýär diýip, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow penşenbe güni Awazada geçirilýän maýa goýum forumynda belledi. Bu barada “nCa” neşiri habar berdi.
Türkmenistanda ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sanly ulgamyň, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we aýlawly ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen innowasion-senagat ykdysadyýet modeli durmuşa geçirilýär we oňyn netijeleri berýär diýip, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministri öz çykyşynda belledi.
2024-nji ýylda jemi maýa goýumlaryň möçberi 12,1 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy, onuň 1,4 milliard dollary daşary ýurt maýa goýumlary düzdi. Esasy ähmiýet nebitgaz, nebitgazhimiýa, energetika we gurluşyk pudaklaryna berilýär.
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 19,8 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Munuň 12,1 milliard dollary eksport, 7,7 milliard dollary import bolup, bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyň hem barha artýandygyny görkezýär.
Mämmetguly Astanagulowyň aýtmagyna görä, ýurduň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi sanlylaşdyryş, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi hem-de durnukly ösüşi üpjün edýän aýlawly ykdysadyýete geçiş bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – 2025 (TIF-2025) 19-njy sentýabra çenli dowam eder.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan