Ýakyn
Ashgabat
Wien
London
New York
Dubai

2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-ne Awstriýa-Türkmen Jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň (TSSP) we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan "Türkmen Maslahatçylar Topary" HJ ("TMT Consulting Group") arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşygyň mazmuny - Awstriýa Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda işewirlik, ykdysadyýet, gurluşyk, lukmançylyk, medeniýet we sport pudagyndaky taslamalary ösdürmek, durmuşa geçirmek, utgaşdyrmak we öňe sürmek, iki ýurduň arasyndaky işewir gatnaşyklaryň ösmegine itergi bermek bolup durýar.

Bu taslamalar Awstriýada we Türkmenistanda işewirlik we pudak edaralarynyň wekilleriniň, sungat we medeniýet, lukmançylyk, sport işgärleriniň gatnaşmagynda prezentasiýalar we forumlar, wideokonferensiýalar we webinarlar, hasabat we diskussiýa çäreleri guramanyň kömegi bilen amala aşyrylar. Bu, medeniýet günlerini we "tegelek stollary" guramakda, metbugat neşirlerinde we ş.m. goldaw bermek bolup durýar.

Biz bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin türkmen döwlet edaralaryna, hususy telekeçilere we Awstriýa kompaniýalaryna hyzmatdaşlary tapmakda, daşary ýurt firmalaryna Türkmenistanda wekilhanalaryny açmak bilen bagly amaly kömegini bermekde uly üns bereris. Awstriýada we Türkmenistanda hökümetara ykdysady komissiýalaryň işine we ykdysady forumlara gatnaşmak hem biziň wezipämiz bolar.

Dowam edýän taslamalaryň çäginde indiki ädimler baradaky teklipleri girizmek we durmuşa geçirmek üçin "Bilelikdäki taslamalary utgaşdyrmak boýunça Iş toparynyň" işine möhüm orun berler.

Çeşme: Täzelik Awstriýa-Türkmen