“Türkmennebit” DK awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparynyň adyndan konserniň kärhanalarynda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamyny kämilleşdirmek, täze ulgamlary ornaşdyrmak, degişli taslamany işläp taýýarlamak we degişli işleriň doly toplumyny ýerine ýetirmek boýunça №203 belgili halkara bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän kompaniýalar gatnaşyp biler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup:
• bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitleri görkezilip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
• “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri” bilen tanyşmaly;
• bäsleşigiň esasy tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
• bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa deň bolan manat möçberinde töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly (GBS we bank harajatlary hasaba alynmaýar).
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 12:00 çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Doly bäsleşik teklibi möhür bilen kepillendirilen bukjada görkezilen salga iberilmelidir. Teklipler pul serişdeleri hasaba geçirilenden soň seljerilip başlanar.
Bukjada hökmany suratda şular bolmaly:
• anketanyň elektron görnüşi;
• şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşinde);
• tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşinde).
Zerur maglumatlary aşakdaky web saýtlardan alyp bilersiňiz:
www.turkmennebit.gov.tm
www.oilgas.gov.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 40 39 93
+993 12 40 39 90
+993 12 40 36 74
+993 12 40 30 67
Faks:
+993 12 40 39 24
Elektron salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm
Salgysy:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56
