“Türkmengaz” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär
“Türkmengaz” döwlet konserni maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №T/GAZ-016 açyk tender yglan edýär.
Lotlar:
Lot №1 – Turbalar we metal önümleri
Lot №2 – Umumy zawod enjamlary
Lot №3 – Tehnologik enjamlar
Lot №4 – Elektrotehniki enjamlar, gözegçilik-ölçeg enjamlary we awtomatlaşdyryş ulgamlary
Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitleri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri” hem-de bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
degişli lotuň häsiýetnamasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarylmaýan esasda her lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa deň bolan manat görnüşindäki tölegi (GBS-i we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) geçirmek üçin hasap belgisini almaly.
Zerur maglumatlary www.oilgas.gov.tm
web-sahypasyndan ýükläp alyp bolýar.
Tender teklipleri 2026-njy ýylyň 22-nji apreline çenli sagat 15:00-a çenli (ýerli wagt bilen) kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda habar berilýär.
Bildiriş çap edilen gününden başlap, bäsleşige degişli doly teklip degişli möhür bilen kepillendirilen, ýapyk bukjada ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr. Teklipleriň seljerilmegi hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň başlanýar.
Bukjada hökmany ýagdaýda şular bolmaly:
anketanyň elektron görnüşi;
şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşinde);
tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşinde).
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 40-37-39
+993 12 40-37-40
+993 12 40-37-41
+993 12 40-37-42
Faks:
+993 12 40-37-45
Elektron salgylary:
info@turkmengaz.gov.tm
odum@turkmengaz.gov.tm
Salgysy:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56.
