Ähli tenderler
14.03.26

“Tatneft” PJJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Caterpillar C-27” senagat hereketlendirijisini kärendesine bermek boýunça tender yglan edýär

“Tatneft” PJJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Caterpillar C-27” senagat hereketlendirijisini wagtlaýyn peýdalanmak üçin kärendesine bermek, şeýle hem onuň ulanylyş döwründe doly tehniki hyzmatyny we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça türkmen manadynda №2026/13 belgili tender yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:

•     bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitleri görkezilip ýazmaça görnüşde arza tabşyrylmalydyr (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
•     tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýasy) arzada görkezilen elektron salga iberiler.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgy arkaly iberilmelidir.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy:
KhalilulinBS@tatneft.tatar
Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin:
+993 65 83 18 99
Tehniki soraglar boýunça:
+993 62 74 18 80
Salgysy:
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, T. Satylow köçesi, 59.