Gyzylarbat etrap häkimligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Gyzylarbat etrap häkimligi etrabyň Gyzylarbat şäheriniň Berkarar 1, 2, 3, 4, 5-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda we Demirgazyk-Gündogar kiçi etrabynyň 1-nji ýaşaýyş jaý toplumynda, Janahyr şäherçesinde raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 1 gatly, 4 otagly we 1 gatly, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere bildirilýän talaplar:
Gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza.
Edara-kärhana tarapyndan soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat.
Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat.
Hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşigiň teklipleri 2026-njy ýylyň 10-njy apreline çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Telefon belgisi:
(+993246) 5-03-06
(+993246) 5-43-03
Faks:
(+993246) 5-10-24
Balkan welaýaty, Gyzylarbat
