Daşoguz Halkara howa menzili üznüksiz elektrik üpjünçilik enjamlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Daşoguz Halkara howa menzili elektrik üpjünçilik ulgamyna birikdirmek üçin dürli kuwwatly üznüksiz elektrik üpjünçilik (UPS) enjamlarynyň 12 sanysyny satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
bäsleşige gatnaşmak üçin 50 (elli) ABŞ dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (goşulan baha salgydy bilen bilelikde) töleg geçirmek üçin hasap-faktura almaly
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipleri Daşoguz şäheriniň halkara howa menzilinde bäsleşik tekliplerini kabul edýän topara iberilmelidir.
Bäsleşik teklipleri «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşik teklibi doly görnüşde taýýarlanyp, möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada görkezilen salgy boýunça gowşurylmalydyr we diňe töleg serişdeleri degişli hasaba geçirilenden soňra seljeriler.
Bäsleşik teklipleri tehniki we täjirçilik tekliplerinden ybarat bolan iki bukjada taýýarlanyp, möhür bilen tassyklanmalydyr. Şeýle-de resminamalar toplumyna hökmany ýagdaýda Word formatynda anketanyň elektron görnüşi hem-de şertnamanyň esasy şertleri, şeýle-de Excel formatynda tehniki-ykdysady spesifikasiýa goşulmalydyr.
Bäsleşik teklipleri iki sany ýapyk, möhürlenen bukjada tabşyrylmalydyr. Her bukjada tehniki we täjirçilik teklipleriniň doly toplumy, şeýle hem Word formatynda anketanyň elektron görnüşi we şertnamanyň esasy şertleri, şeýle-de Excel formatynda tehniki-ykdysady spesifikasiýa bolmalydyr.
Ähli zerur maglumatlary Daşoguz şäheriniň halkara howa menzilinden alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+993322) 9-11-00
(+993322) 9-00-58
