Balkan welaýat häkimligi deňiz suwuny süýjediji desgalaryň tehniki auditini geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Balkan welaýat häkimligi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 35 müň kub metr, Türkmenbaşy etrabynda 50 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgalaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn tehniki seljerme (audit) işlerini geçirmek üçin potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli we daşary ýurt kärhanalary hem-de kompaniýalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny we Türkmenistanda resmi hasaba alnanlygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
soňky 3 ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen taslamalar barada maglumat bermeli;
kärhananyň/guramanyň maddy-enjamlaýyn binýady we hünärmenleri barada maglumat bermeli.
ýerli kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Balkan welaýat häkimliginiň binasynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(800222) 2-00-25
(800222) 2-00-55
Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy
